Çagalary ertekileriň gahrymanlary bilen tanyşdyrmak

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi Aşgabat şäheriniň 12-nji çagalar bagynda “Çagalary ertekileriň gahrymanlary bilen tanyşdyrmak” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini geçirdi.Göçme kitap sergisinde çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler, matallar we tapmaçalar ýerleşdirildi. Çagalara birnäçe ertekileri okap berip, gahrymanlary bilen tanyşdyrdylar.

Körpelerde birnäçe gahrymanlar bilen tanyş bolmak, türkmen halk ertekilerini okamaga we diňlemäge uly gyzyklanma döretdi. Ösüp gelýän ýaş nesliň dünýägaraýşyny artdyryp biljek we özbaşdak pikirlenip bilmek endigini kämilleşdirmek üçin gowy görýän ertekileri hakynda sorag-jogap alşyldy. Şeýle-de çagalaryň zähmete bolan ukybyny artdyrmaklyk üçin birnäçe bäsleşikler geçirildi, ertekileriň gahrymanlary boýunça suratlar çekildi.

Kitaphana işgärleri bilim ulgamyny ösdürmäge, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Çagalary “Ekitap.gov.tm” saýtymyzyň sesli kitaplary bilen tanyşdyrmak
Kitap ruhy hazyna
Çagalar “Ekitap.gov.tm” saýtynyň sesli kitaplary bilen tanyşdyryldy
Göçmekden ýüz öwren hytaýlynyň öýüniň daşyndan ýol gurdular
Ýer Titremelerinden Soň Daşary Ýurtlar Bize Uly Kömek Berdi
Ýer Titremeleriniň Başdan Geçirlen Sebitlerinde 28 Ýurt 30 Göçme Hassahana Gurdy