El-klassikoda Real ýeňiş gazandy

El-klassikoda Real ýeňiş gazandy

La Liganyň 9-njy tapgyryndan orun alan merkezi oýunda Madridiň Realy öz öýünde Barselonany 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Oýunda ýer eýeleriniň gollaryna Benzema (12), Walwerde (35) we Rodrigo (90+1) awtorlyk etdiler.

Myhmanlaryň ýeke-täk goly bolsa Torresiň (83) adyna ýazyldy. Şeýlelikde, Real özara el-klassikolardaky ýeňişleriniň sanyny 101-e ýetirdi.Barselona özara oýunlarda 97 gezek ýeňiş gazanan bolsa, ýene 52 oýun deňlikde tamamlanypdyr. Ýeri gelende, Realyň soňky 7 özara oýnuň 6-synda esasy garşydaşy Barselonadan üstün çykandygyny bellemek gerek.

Real bu günki ýeňşi arkaly ähli ýaryşlardaky ýeňlişsiz ýörişini 14 oýna ýetirdi. Şolardan 9-sy içerki çempionatda hasaba alnyp, Real La Liganyň bu möwsüminde 8 ýeňiş gazandy we 1 gezek deň oýnady. Häzirki wagtda korollyk gwardiýasy 25 utuk bilen turnir tablisasynda kerwenbaşylygyny dowam edýär. Ikinji orundaky Barselonanyň hasabynda bolsa 22 utuk bar.

Ýene degişli makalalar

“Altyn top” baýragynyň ýeňijisi Winisius Junior däl-de, Rodri boldy
“Leganes” “Barselonany” myhmançylykda ilkinji gezek ýeňdi
“Real Madrid” ýeňiş bilen başlap bilmedi, “Barselona” ilkinji tapgyrda ýeňiş gazandy
“Real Madrid” Italiýadan ýeňiş bilen dolandy
“Real Madrid” 4-nji gezek FIFA Interkontinental Kubogynyň eýesi
Boliwiýanyň Prezidenti kasam kabul etdi
Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy