Eldor Şomurodow Spesiýada kärendesine futbol oýnar

Eldor Şomurodow Spesiýada kärendesine futbol oýnar

Özbegistanyň milli ýygyndysynyň we Romanyň hüjümçisi Eldor Şomurodow futbol ýoluny kärendesine Spesiýada dowam eder.

Italiýan kluby futbolçynyň şu möwsümiň ahyryna çenli düzümde çykyş etjekdigini habar berdi.

27 ýaşly özbek futbolçy täze toparynda 14-lik belgili köýnekçede çykyş eder. Spesiýa Şomurodowyň Italiýadaky üçünji toparydyr.

Şomurodow Roma 2021-nji ýylda Ženoadan geçdi. Ondan öňü ol Russiýanyň Rostow, Özbegistanyň Bunýodkor toparlarynda futbol oýnady.

Ýene degişli makalalar

Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy wiza bermegini 50% köpeldendigini aýdýar
Russiýanyň ýaşamak üçin iň amatly şäherleri belli boldy
Türkmenistan Türkiýede we Siriýada adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç bildirdi we beýleki habarlar
Kafanow özünde Soçiden çakylygyň gelmändigini aýtdy
Aşgabadyň demirgazygynda kottejler toplumynyň üçünji tapgyrynyň açylyşy boldy, Türkmenistanyň Prezidentine Goşun generaly harby ady dakyldy, 2023-nji ýylda Türkmenistan 1,25 mln tonna pagta hasylyny almagy meýilleşdirýär we beýleki habarlar