Elektronika dünýäsi dükany hojalyk tehnikalarynyň ähli görnüşine 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär

Elektronika dünýäsi dükany hojalyk tehnikalarynyň ähli görnüşine 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär

Aşgabatdaky Elektronika dünýäsi dükany harytlarynyň ähli görnüşlerine arzan satuw aksiýasyny yglan edýär.

2023-nji ýylyň 6-njy noýabryndan 2024-nji ýylyň 6-njy ýanwaryna çenli dükandan ähli görnüşli harytlary 50%-e çenli arzanladylan bahadan satyn alyp bolýar. Aýratyn-da, bu arzanladyş HITACHI haryt nyşanly sowadyjylardan satyn aljak müşderiler üçin amatly mümkinçilikdir.

Elektronika dünýäsi dükany: SAMSUNG, BOSCH, KARCHER, TCL, Delonghi, Gorenje ýaly dünýä meşhur brendleriň önümlerini hödürlenýär.

Elektronika dünýäsi dükanynda sowadyjylardan başga-da, dünýäde giňden tanalýan uly we kiçi hojalyk tehnikalaryny öndürijileriň — gaz plitalaryny, kir ýuwujy maşynlaryny, howa sowadyjylaryny, telewizorlaryny, mikrotolkun peçlerini, şeýle-de mikserlerini, kofe-maşynlaryny, aşhana kombaýnlaryny, saç guradyjy fenlerini, tozan sorujylaryny we beýleki tehnikalaryny satyn alyp bilersiňiz. Elektronika dünýäsi dükanynda islendik satyn alnan haryt üçin 3 ýyla çenli kepillik berilýär.

Arzanladyşdaky harytlaryň sany çäklidir, şonuň üçin hem amatly mümkinçiligi elden bermäň!

Elektronika dünýäsi dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly 183.

Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgisi: 14 22 53.

Ýene degişli makalalar

Elektronika dünýäsi dükanynda 40%- çenli uly arzanladyş dowam edýär
Aladasyz tomus: Elektronika dünýäsi dükanynda TCL howa sowadyjylaryna aksiýa yglan edildi
Elektronika dünýäsi HITACHI sowadyjylaryny 40% arzan bahadan hödürleýär
Elektronika dünýäsi utuşly aksiýasynda Samsung telefonuny baýrak goýýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal