Soňky döwürde ulaglaryň elektrik energiýasy bilen işleýän ululy-kiçili görnüşleriniň sany artýar.Bu ulaglaryň batareýalary uly bolup, wagtyň geçmegi bilen ilkibaşdaky netijeliligini ýitirýär.Hatardan çykan batareýalaryň düzüminde bolsa, köp mukdarda himiki birleşme we metallar bar.
ABŞ-nyň “Redwood Materials” kompaniýasy ýurduň Günorta Karolina ştatynda Çarleston şäheriniň golaýynda ulanyşdan galan elektroulag batareýalaryny çig mal hökmünde gaýtadan işleýän zawod gurmagy m eýilleşdirýär.Bu ýerde batareýanyň düzümindäki tapawutly metallar aýrylyp, täzeden peýdalanylar. Önümçilik desgasynda her ýylda 1 million batareýanyň gaýtadan işläp bolar.
Zawod diňe galyndylary ýok etmek bilen çäklenmän, şol materiallary daşary ýurtlardan getirmek bilen baglanyşykly çykdajylary we töwekgelçilikleri hem azaltmaga ýardam eder.Zawodda 1500 iş orny döredilip, 3,5 milliard dollarlyk maýa goýum özleşdiriler.
Taslamanyň gurluşygyna geljek ýylyň birinji çärýeginde başlanar.Meýilnama laýyklykda, desganyň birinji tapgyry ýylyň ahyryna çenli taýyn bolar. Şereket şondan onuň çägi ýene-de giňeldiler.Bu port şäherinde düri kompaniýalaryň ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän zawodlary ýerleşýär.
Bu bolsa, öndürilen önümiň ýerlenmegi üçin hem has amatlydyr.Häzirki wagtda köne elektroulag batareýalaryny gaýtdan peýdalanýan zawod örän az.
Serdar Arçaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy