Elektroulag önümçiligini artdyrar

Dünýäniň iň uly üçünji elektroulag bazary bolan ABŞ bu ugurda öňdäki orna geçmegi maksat edinýär.Munuň üçin ýurtda elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary satyn alýanlara goldaw berilmegi, zarýad beketleriniň sanynyň artdyrylmagy, jemgyýetçilik ulaglarynyň elektrik energiýaly bolmagy we şeýle ulaglaryň önümçiliginiň artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda awtoulag senagatyndaky iň uly ösüşler elektroulag pudagynda amala aşyrylýar.Zyýanly gazlary bölüp çykarmaýan bu ulaglaryň ulanylyşynyň artmagy bilen, esasan, köp ilatly şäherleriň howasynyň arassa bolmagy gazanylar.

Maglumatlara görä, dünýäde geçen ýyl 10 milliondan gowrak elektroulag satylypdyr. Üstümizdäki ýylda bu görkezijiniň 35 göterim artyp, 14 milliona ýetmegine garaşylýar.Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň ähli ulaglaryň arasyndaky paýy 2020-nji ýylda 4 göterim, 2021-nji ýylda 9 göterim bolan bolsa, geçen ýyl 14 göterime ýetipdir. Şu ýylyň ahyryna çenli satylan ähli ulaglaryň 18 göteriminiň elektrik energiýaly bolmagyna garaşylýar.

Ykdysady taýdan Ýewropa Bileleşigi ýurtlary umumy gümrügi we pul birligi bolandygy sebäpli bir bitewi bazar hökmünde kabul edilýär.Dünýäniň ilat babatda ikinji ýurdy bolan Hytaý iň köp elektroulag satylýan ýurdy hasaplanýar.

Bu ugurda Ýewropa ikinji, ABŞ üçünji ýerde durýar.Geçen ýyl dünýäde elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaruň 60 göterimi hytaýly müşderilere ýetirlipdir.Elektroulaglaryň 15 göterimi Ýewropa ýurtlarynda, 8 göterimi ABŞ-da satylypdyr.

Mergen Otuzow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzsyýahat“ tanymal bagşylaryň ady bilen baglanşykly ýerlere syýahat guraýar
MHM-niň generaly Rahman Allakow aradan çykdy
Türkmen türmelerinde diri ýitenleriň sanawyndaky şahslaryň biri Begmyrat Otuzow “Owadandepede” ýogaldy
Türkmen türmelerinde dereksiz ýiten tussaglardan ýene biriniň ölendigi aýdylýar