“Türkmenistanyň Hronikasynyň” öz çeşmeleriniň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň (MHK) jenaýat agtaryş bölüminiň ozalky başlygy, 2002-nji ýylda 25 ýyl azatlykdan mahrum edilen Begmyrat Otuzow fewralyň başynda “Owadandepe” türmesinde aradan çykdy.
Onuň garyndaşlaryna berlen jesediniň agramy, çeşmäniň tassyklamagyna görä, 45 kilogram eken.
“Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň maglumatlaryna görä, Otuzow Begmyrat Saparbaýewiç Daşoguz welaýatynda doguldy. 1990-njy ýyllaryň ortasynda Türkmenistanyň milli howpsuzlyk komitetiniň Derňew bölüminiň başlygynyň orunbasary, çen bilen 1997-nji ýyldan MHK-nyň Derňew bölüminiň (soňra Uprawleniýe) başlygy, polkownik. 2001-nji ýylyň 16-njy ýanwaryndan Türkmenistanyň Baş prokurorynyň birinji orunbasary. 2001-nji ýylyň 9-njy iýulyndan Lebap welaýatynyň häkiminiň birinji orunbasary, Lebap welaýatynyň hukuk we harby organlarynyň işini utgaşdyrmak boýunça Geňeşiň başlygy. 2002-nji ýylyň 2-nji aprelinde “Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetinde işlän döwründe goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadyldy, harby çininden we döwlet sylaglaryndan mahrum edildi.