Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň baş direktory Elon Mask taryhda baýlygy ABŞ-nyň 300 milliard dollaryna ýeten ilkinji adam boldy. Bu barada Forbes neşiriniň täzeliklerine salgylanyp, Biznes Reklama gazeti 8-nji noýabrdaky sanynda habar berdi.
Biznes Reklama gazeti 8-nji noýabrdaky sanynda habar bermegine görä, amerikaly işewür Elon Maskyň baýlygy geçen hepde 7,72 göterim (ABŞ-nyň 22,6 milliard dollary) ýokarlanyp, ABŞ-nyň 315,2 milliard dollaryna barabar boldy.
Geçen hepde milliarderiň Tesla kompaniýasynyň paýnamalary ABŞ-nyň 1154,49 dollaryna barabar boldy.Bu görkezijä Tesla awtoulaglaryny kärendesine berýän Hertz kompaniýasyna 100 müň elektrokar satmakçydygy barada habar peýda bolandan soň eýe boldy.
Häzirki wagtda Tesla kompaniýasynyň maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 1 trillion dollaryndan geçdi.Sanawyň ikinji ornuny ABŞ-nyň 193,2 milliard dollary bilen Amazon kompaniýasynyň eýesi Jeff Bezos eýeledi.
Ilkinji üçlügi bolsa ABŞ-nyň 190,8 milliard dollary bilen, Bernar Arno jemledi.
