Emeli aň bäş ýyldan adamyň derejesine ýetip biler

Emeli aň bäş ýyldan adamyň derejesine ýetip biler

Umumy emeli aň ýene bäş ýyldan adamyň beýnisiniň ösüş derejesine ýetip biler diýip, Nvidia amerikan wideokartlary öndüriji kompaniýasynyň başlygy Jensen Huang New York Times gazetiniň guran metbugat-maslahatynda aýtdy. Bu barada RIA Nowosti ýazýar.

Öň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy adamzady adamlaryň özbaşdaklygyny we ilatyň saglygyny goramak üçin ChatGPT ýaly emeli aňy peýdalanmakda seresaplylyga çagyrypdy.

Halkara elektrik aragatnaşyk bileleşiginiň baş sekretary Dorin Bogdan-Martin iýulda emeli aň ulgamyndaky gözegçiliksiz ösüşiň dünýäni öň görülmedik sosial sarsgynlara, geosyýasy durnuksyzlyga we yksady deňsizlige getirip biljekdigini duýdurdy.

Ýene degişli makalalar

Abbas Moskwa Sapar Eder
Russiýa Hamasyň Syýasy Lideri Heniýýeniň Janyna Kast Edilmegine Garşylyk Görkezdi
Emeli aň bäş ýyldan has-da öser
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Dünýäde iň bagtly ýurt belli boldy
Russiýa G20-ligiň iň çalt ösýän ýurtlarynyň sanawyna girdi