Emeli hemralaryň sany müňden geçdi

“SpaceX” kompaniýasy ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Keýp Kanaweral” kosmodromyndan 60 sany “Starlink” emele hemrasyny kosmosa uçurdy. “Falcon 9” raketasy arkaly amala aşyrylan uçuşyň üstünlikli tamamlanandygy mälim edildi.

Emeli hemralaryň orbitadaky ýerlerine ýerleşendigi mälim edildi.Kompaniýa dünýäniň ähli ýerini emeli hemra interneti bilen üpjün etmegi maksat edinýär.Munuň üçin durmuşa geçirilýän “Starlink” taslamasynyň çäklerinde häzire çenli uçurylan emeli hemralaryň sany müňden geçdi. 2027-nji ýylda tamamlanjak taslamanyň çäklerinde jemi 12 müň hemra kosmosa iberiler.

The post Emeli hemralaryň sany müňden geçdi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Bir gezekde 143 emeli hemrany kosmosa çykardy
SpaceX bir wagtyň özünde uçurylan hemralaryň sany boýunça rekord goýdy
“SpaceX” ikinji gezek astronawt uçurdy
“TürkmenÄlem 52.0E” alty ýaşynda
“Crew Dragon” kosmos gämisi jahankeşdeleri 585 kilometr belentlige çykardy