SpaceX bir wagtyň özünde uçurylan hemralaryň sany boýunça rekord goýdy

SpaceX bir wagtyň özünde uçurylan hemralaryň sany boýunça rekord goýdy

SpaceX kompaniýasy Kanaweral burnundan orbita 143 hemrany çykaran Falcon 9 raketa göterijisini uçurdy. Bu bir uçuş üçin kosmiki enjamlaryň rekord sanydyr. Bu barada 360tv.ru habar berýär.

143 hemranyň 10 sanysy SpaceX kompaniýasyna, galanlary başga kompaniýalara degişli. “Nasaspaceflight” neşiriniň habar berşi ýaly, bu kosmiki enjamlaryň kiçi kompaniýalara has elýeter bolmagy üçin Smallsat Rideshare Program maksatnamasynyň başlangyjydyr.

SpaceX dürli kompaniýalardan köp sargytlary kabul edýär we olary bir uçuşa birikdirýär. Bahasy kosmiki enjamyň agramyna görä kesgitlenýär. 200 kilogram üçin kompaniýa bir million dollar we her goşmaça kilogram üçin bäş müň dollar alýar.

Raketalar bölünenden soň, Falcon 9 raketasynyň birinji basgançagy ýüzýän platforma gondy. Hemralary orbita Sherpa-FX gämisi çykarar.

Mundan öň rekord Northrop Grumman hindi kosmiki missiýasyna degişlidi. Raketa göterijisiniň bortunda 108 sany kosmiki enjam bardy.

Ýene degişli makalalar

Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
SPACEX HKS-e halkara toparyny ýollady
“SpaceX” 15 sany täze “Starlink” internet hemrasyny orbita çykardy
Kosmosa çykan ilkinji arabystanly zenan
“Crew Dragon” kosmos gämisi jahankeşdeleri 585 kilometr belentlige çykardy