Emine Erdogan BMG-nyň çakylygyna laýyklykda Nýu-Ýorka gider

Emine Erdogan BMG-nyň çakylygyna laýyklykda Nýu-Ýorka gider

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň aýaly Emine Erdogan, 30-njy martda geçiriljek BMG-nyň Baş Assambleýasynyň zalyndan Türkiyede durmuşa geçirilýän Nol galyndy taslamasynyň dünýäde ýaýbaňlanmagy üçin çagyryş berer.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji Sessiýasynda Nýu-Ýorkda BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçiren Emine Erdogan, klimat krizisine garşy göreşiň çäginde "Global Nol galyndy noşniýetlilik beýanyna" gol çekipdi.

2022-nji ýylyň 15-nji dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynda Türkiye tarapyndan BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji Sessiýasyna hödürlenen "Durnukly ösüş maskatlaryna ýetmek üçin nol galyndy gollanmasynyň höweslendirilmegi" temaly Nol galyndy karary kabul edildi.

BMG-nyň Baş Assambleýasy şol karar bilen 30-njy marty Halkara Nol galyndy güni hökmünde yglan etdi.

Emine Erdogan şol çäkde BMG-nyň Baş sekretarlygynyň ýörite myhmany hökmünde 30-njy martda Halkara Nol galyndy güni mynasybetli geçiriljek ýörite maslahata gatnaşmak maksady bilen Nýu-Ýorka gider.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş we BMG-nyň Habitat ýerine ýetiriji direktory Maimunah Mohd Şarif bilen maslahatyň ýörite bölüminde çykyş etjek Emine Erdogan, Türkiyede durmuşa geçirilýän Nol galyndy taslamasynyň jikme-jikligini düşündirer, durnukly galyndy dolanşygy we howanyň çalşygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň çäginde taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň dünýäde ýaýbaňlanmagy barada çagyryş berer.

Halkara Nol galyndy güni mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmak maksady bilen Emine Erdogan bilen bilelikde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem Nýu-Ýorka gider.

Ýene degişli makalalar

Emine Erdoganyň howandarlygynda amala aşyrylýan “Nol zyňyndy” taslamasy globallaşma ýolunda
Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
Şahruh Han kino dolanýar
Nol uglerodly ilkinji ýük ulagy
Kristofer Nolan atom bombasyny dörediji barada film surata düşürmekçi bolýar
Türkmenistanda alty aýyň içinde däri-dermanlaryň bahasy 26 göterim gymmatlady