Emine Erdogan "Halkara üstünlik we jemgyýetçilik goşandy" atly baýrak bilen sylaglandyryldy

Emine Erdogan "Halkara üstünlik we jemgyýetçilik goşandy" atly baýrak bilen sylaglandyryldy

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň aýaly Emine Erdogan, ABŞ-daky Musulman guramalar geňeşi (USCMO) tarapyndan Nýu-Ýorkda geçirilen dabarada, sosial taslamalar, bilim, daşky gurşaw we ynsanperwer kömek ugurlarynda musulman zenanlara berilýän "Halkara üstünlik we jemgyýetçilik goşandy" atly baýrak bilen sylaglandyryldy.

Dabarada USCMO-nyň Baş sekretary Osama Jammal tarapyndan garşylanan Emine Erdogan, zaldaky myhmanlar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy.

Emine Erdogan sylaglama dabarasyndan soň eden çykyşynda: "Bu gymmatly sylag, dünýäniň wyždany bolan ýurdumyň adyndan kabul edýärin" diýip belläp, çäräni geçiren Musulman guramalar geňeşine minnetdarlyk bildirdi.

Emine Erdogan, Türkiýäniň ynsanperwer kömek tejribesiniň daşary syýasatdan has uly we Türk halkynyň bir wyždan kompasydygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Musulmanlary Gadyr Gijesi Bilen Gutlady
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Türk resmiler Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdiler
Prezident Erdogan Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdi
Prezident Erdogan Malaýziýanyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Prezident Erdogan raýatlary Oraza baýramy bilen gutlady
Erdogan Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy