Prezident Erdogan Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdi

Prezident Erdogan Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdi

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan çagalary we agtyklary Ysraýylyň guran hüjüminde şehit bolan Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Erdogan Heniýýe bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Ismail Heniýýä çagalary we agtyklary Ysraýylyň hüjüminde şehit bolmagy sebäpli gynanç bildiren Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde, Ysraýylyň adamzada garşy eden jenaýatlary üçin kanunyň öňünde hökman jogapkärçilige çekiljekdigini beýan etdi.

Beýleki tarapdan wise-prezident Jewdet Ýylmaz sosial media hasabyndan beren beýanatynda, 3 çagasy we 4 agtygy Ysraýylyň goşunynyň hüjüminde şehit bolan Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Türk resmiler Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdiler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ysraýylyň guran hüjüminde Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygynyň çagalary we agtyklary ýogaldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Galkynyş Ýoly taslamasy barada beýannama berdi