Emine Erdogan: Nol galyndy forumyny taryhy duşuşyk hökmünde kabul edýäris

Emine Erdogan: Nol galyndy forumyny taryhy duşuşyk hökmünde kabul edýäris

Emine Erdogan Stambulyň gubernatorlygynyň hemaýat bermeginde Nol galyndy gaznasynyň guramagynda Atatürk howa menzilinde geçirilýän “Nol galyndy Forumy 2026-nyň” açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden Erdogan, Stambulyň adamzadyň umumy hadysyny özünde jemleýän medeniýetleri jebisleşdirýän, dünýäniň iň uzak möhletli paýtagtydygyny nygtap, foruma 183 ýurtdan wekilleri, 500-den gowrak guramadyr-edaranyň ýolbaşçylaryny we 5 müňden gowrak gatnaşyjyny kabul edendigini aýtdy.

Emine Erdogan Stambulyň ýene-de bir gezek medeniýetleri duşuşandygrandygyny beýan edip; “Şu sebäpden forumy umumy adamzat maşgalasyny şolbir ideýada birleşdirýän taryhy duşuşyk hökmünde kabul edýäris. Şeýle halkara derejesindäki gatnaşyk Hormatly Prezidentimiziň “Dünýä bäşden uludyr, sebäbi adamzat bäşden uludyr” diýen sözüniň anyk görkezijisidigini pikir edýärin” diýdi.

Foruma gatnaşanlara minnetdarlyk bildiren Erdogan; “Men bärden beýgeljek sinergiýanyň umumy geljegimiz üçin täze bir başlagyjyň başyny başlatmagyny tama edýärin. Şu möhüm duşuşyk mynasybetli Nol galyndy gaznamyza forumyň guralmagyna goşan goşantlary üçin sagbolsun aýdýaryn.

Daşky gurşaw boýunça dünýäniň esasy çärelerinden birine ýer eýeçiligini edýärler.Gaznamyzyň her bir agzasyny gutlap, olara alkyş aýdýaryn.Goldaw beren ministrliklerimize, Stambulyň gubernatorlygyna aýratyn minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

Emine Erdogan Ýuwaş ummanyň demirgazygynda tonnalarça zir-zibilden we plastikden ybarat 1,6 million inedördül kilometrlik zir-zibil materiginin bardygyny, şol ýeriň ümmülmez mawy giňişligiň ortasynda serişdelerini biperwaý sarp edýän adamzadyň pajygasynyň hem-de başdan geçirýän kynçylyklarynyň ýadygärligi hökmünde durýandygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Emine Erdogan halky Nol galyndy festiwalyna çagyrdy
Prezident Erdogan Nol galyndy forumynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşar
NATO-nyň sammitinden öň Türkiyäniň paýtagty Ankarada täze howa menzili açyldy
Noly kim oýlap tapdy?!
Howany goramagyň kepili
2020-nji ýylyň iň oňat ylmy-fantastik filmleriniň sanawy çap edildi