Howany goramagyň kepili

Halkara jemgyýetçiligi 2050-nji ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberiniň doly azaldylmagyny gazanyp biler.Bu barada BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş, Maýkl Blumberg tarapyndan her ýylda guralýan üçünji ykdysady forumynda eden çykyşynda belledi.

BMG-niň Baş sekretary uglerod zyňyndylaryna çynlakaý salgyt girizmegi, şeýle hem kömür gazyp almakdan ýüz öwürmegi we gazylyp alynýan energiýa çeşmeleri üçin subsidiýalary ýatyrmagy teklip edip häzirki wagtda dünýä ýurtlarynyň köpüsiniň 2050-nji ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlary 0 derejä çenli azaltmak niýetiniň bardygyny mälim etdi.

Ýakynda biz umytlandyryjy sözleri eşitdik. Ýewropa Bileleşigi, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy we ýene-de 110-dan gowrak ýurt 2050-nji ýyla çenli uglerod dioksidiniň zyňyndylaryny 0 derejä getirmäge borçlandyryldy. Hytaý muny 2060-njy ýyla çenli berjaý etjekdigini mälim etdi diýip, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary ilatyň girdejisine salgytlary azaltmagy, şeýle-de atmosferany zyýanly gazlar bilen hapalaýanlara has köp salgyt girizmegi teklip etdi.Uglerodyň bahasy bolmaly.Indi gazylyp alynýan energiýa çeşmeleri üçin subsidiýalary ýatyrmagyň wagty gelip ýetdi.

Biz kömürden kem-kemden ýüz öwürmelidiris diýip, Guterreş belledi.Ol uglerod bitaraplygyny gazanmagyň maksadynyň ähli ykdysady we salgyt strategiýalaryny birleşdirmekden ybaratdygyny belledi.Bu ýagdaý senagatda, oba hojalygynda, ulagda we energetika pudagynda özgerişlikleri amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Nol uglerod munuň özi kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň ummanlaryň we tokaýlaryň özüne siňdirýän mukdaryndan ýokary bolmaly däldigini aňladýar.

Antonio Guterreş şu günki wehimleriň we kynçylyklaryň üstünde durup geçip, bilelikdäki tagallalar arkaly olary çözmäge çagyryş etdi.Häzirki wagtda dünýä howanyň üýtgemegi bilen bagly çynlakaý meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldy.

BMG özüniň ähli güýjüni ynsan ömrüni halas etmäge, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň täsirini azaltmaga gönükdirdi.Biz durmuş taýdan goraglylygy pes ýurtlary we ilaty halas etmek üçin ägirt uly çäreler toplumynyň durmuşa geçirilmegini goldaýarys diýip, BMG-niň Baş sekretary aýtdy.

Häzirki wagtda her bir adam dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlardan sapak alyp, ýüze çykan meseleleri çözmäge öz goşandyny goşmalydyr.Adamzat dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlarda has çuňňur pikirlenip, giň gerimde hereket edip biljekdigini subut etdi, bu bolsa bar bolan kynçylyklary tiz wagtda ýeňip geçmäge mümkinçilik berer diýip, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş sözüni jemledi.

The post Howany goramagyň kepili appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Grinspen: BMG-niň indiki başlygy zenan bolar
BMG-niň şok ediji hasabaty: Gazadaky genosid dowam edýär
Guterreş: Sionist režimiň Günbatar Şeriýadaky ilatly ýerleri bikanundyr
Yragyň öňki Prezidenti BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary komissary wezipesine saýlandy
BMG Ysraýylyň Gazadaky hökümete degişli bolmadyk guramalara goýan çäklendirmelerini aýyrmaga çagyrýar