Emomali Rahmon kenarýaka ýurtlary suwy ýerlikli ulanmaga çagyrdy

Emomali Rahmon kenarýaka ýurtlary suwy ýerlikli ulanmaga çagyrdy

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon BMG-niň Baku şäherinde geçýän Howa sammitiniň ýokary derejeli çäresinde çykyş edip, guramanyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyny berjaý etmek barada söz sözledi. Ol 2025-nji ýyly Buzluklary goramagyň Halkara ýyly hökmünde yglan etmek başlangyjyny öňe sürdi. Maksat buzluklaryň eremeginiň öňüni almak hem-de ekoulgamlary goramak diýip, MIR 24 habar berdi.

Geljek ýylyň maýynda Duşenbe şäherinde buzluklary goramak boýunça halkara maslahat geçer. Döwlet baştutany şunuň bilen baglylykda, kenarýaka ýurtlara, şeýle hem buzluklaryň eýesi bolan döwletlere hyzmatdaşlygy giňeltmegi we tejribe alyşmagy teklip etdi. Bu suwuň ýetmezçiligine we deňziň derejesiniň ýokarlanmagyna garşy göreşmekde kömek eder.

Rahmon Täjigistanyň ägirt uly suw gorlaryna eýe bolmak bilen, suw bilen bagly meselelere hemişe üns berýändigini nygtady. Prezidentiň sözlerine görä, suw gorlarynyň tygşytly we täsirli ulanylmagy Täjigistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Täjigistan BMG-niň agza ýurtlaryny Duşenbede geçjek buzluklar boýunça maslahata çagyrdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary Daşkentde Bilelikdäki Jarnamany kabul etdiler
Ak tamda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň duşuşygy geçirildi
'Prezident gyzlarynyň diplomatiýasy'. Gurbanguly Berdimuhamedow gyzy bilen Azerbaýjana sapar etdi
Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz atly bäsleşigiň Köneürgenç etrap tapgyry geçirildi