Täjigistan BMG-niň agza ýurtlaryny Duşenbede geçjek buzluklar boýunça maslahata çagyrdy

Täjigistan BMG-niň agza ýurtlaryny Duşenbede geçjek buzluklar boýunça maslahata çagyrdy

Täjigistan Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlary Duşenbe şäherinde 2025-nji ýylda geçjek buzluklar boýunça halkara maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada ýurduň premýer-ministriniň birinji orunbasary Hokim Holikzoda Nýu-Ýorkda Durnukly ösüş boýunça syýasy forumda çykyş edende aýtdy diýip, TASS ýazýar.

Holikzoda öňde duran halkara forumyň Täjigistanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň çäginde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça tagallalarynyň durmuşa geçirilmeginde nobatdaky goşant boljakdygyna hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatda oňat meýdança boljakdygyna ynam bildirdi.

Täjigistan buzluklary gorap saklamaklyga uly üns berýär, sebäbi olar ýurtda esasy suw gorlaryny üpjün edýär. Respublikanyň Prezidenti Emomali Rahmon soňky onýyllykda ýurtda bar bolan 13 müň buzlugyň 1 müňüsiniň doly erändigini habar berdi.

2022-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy 77-nji ýygnagynda Täjigistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly Buzluklary goramagyň halkara ýyly diýlip yglan etdi, şol ýyl Duşenbede bu ugurda ýörite halkara maslahat geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Rahmon Täjigistanyň dolandyryjy partiýasynyň ýolbaşçylygyna gaýtadan saýlandy
Emomali Rahmon kenarýaka ýurtlary suwy ýerlikli ulanmaga çagyrdy
Ahalda bugdaý oragynda 'ogurlygyň' öňüni almak üçin gözegçilik edilýär
Russiýaly mugallymlar türkmen kärdeşleri üçin kämilleşdiriş sapaklaryny geçerler
Kerolaýn Liwitt Ak Tamyň metbugat kätibi wezipesine bellendi
Russiýaly mugallymlary türkmen kärdeşleri üçin kämilleşdiriş sapaklaryny geçerler