ENELERIŇ KALBYNDAN DÖREÝÄNDIR BAHAR-ÝAZ, OLARYŇ HÜWDÜSINDEN YLHAM ALÝAR AÝDYM-SAZ

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti hem-de Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Eneleriň kalbyndan döreýändir bahar-ýaz, olaryň hüwdüsinden ylham alýar aýdym-saz atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi.

Dabaranyň dowamynda ýaşajyk kitap söýüji okyjylarymyz kümüş saçly enelerimizi, mähriban gyz-gelinlerimizi wasp edýän goşgulary, aýdymlary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli gurnalan sergi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Enä tagzym mukaddeslige tagzym atly kitabynda beýan eden mähriban käbesi Ogulabat ejäniň türkmen zenanlaryna nusgalyk ömri baradaky ýatlamalary bilesigeliji okuwçylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan kitaphananyň zenanlaryna ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.Dabaranyň ahyrynda türkmen zenanlarynyň mertebesini belende göterýän, olara çäksiz hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
AHLAK TERBIÝESI YNSAN GÖZELLI
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
Şekillere siňen bedewler
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň kamera horunyň konserti
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
Sanly ylym ÝUNESKO kafedrasy işe başlady