Sanly ylym ÝUNESKO kafedrasy işe başlady

Sanly ylym ÝUNESKO kafedrasy işe başlady

15-nji aprelde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Sanly ylym ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy boldy. Çäräniň dabaraly ugruny ylmy gazanylanlaryň, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça taslamalaryň, ýaş alymlaryň innowasion işlenmeleriniň hem-de arheologik tapyndylaryň sergisi has-da baýlaşdyrdy.

Serginiň dowamynda folklor toparynyň çykyşlary ýaňlandy.Dabara ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ylmy-barlag institutlarynyň direktorlary, belli alymlar we ýaş hünärmenler gatnaşdylar. Çynar Rüstemowa dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty netijesinde ylym we bilim ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň hil taýdan täze mazmuna eýe bolýandygyny belledi.

Sanly tehnologiýalar ulgamynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýurdumyzyň strategik ileri tutýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy.Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow öz çykyşynda kafedranyň döredilmeginiň taryhy ähmiýetine ünsi çekip, bu taslamanyň innowasiýalary ornaşdyrmak baradaky döwlet strategiýasynyň aýdyň netijesidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň direktory Durdymyrat Gadamow täze düzümiň iş ýüzündäki ähmiýeti barada durup geçdi.Ol kafedrany ykdysadyýetiň hakyky pudagyna ylmy işlenmeleri, şol sanda emeli aň, uly maglumatlar seljermesi (Big Data), şeýle hem tebigy baýlyklary rejeli dolandyrmak we agrosenagat toplumyny ösdürmek üçin geogiňişlik we hemra monitoring ulgamlaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen sanly gatnaşyklaryň esasy halkasy hökmünde häsiýetlendirdi.

Kafedranyň işine geomaglumat ulgamlar we ýer kadastryny awtomatlaşdyrmak ulgamyndaky milli bilermen, FAO bilen hyzmatdaşlykda baý tejribesi bolan Nikolaý Nikolaýew ýolbaşçylyk eder.Täze intellektual meýdança dünýäniň 1100-den gowrak ýöriteleşdirilen düzümini birleşdirýän ÝUNESKO-nyň UNITWIN maksatnamasynyň çäklerinde döredildi.

Ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ýanyndaky hereket edýän kafedralaryň torunyň üstüni ýetirdi.Bu başlangyç ÝUNESKO-nyň 20222029-njy ýyllar üçin Orta möhletli strategiýasyna hem-de emeli aňyň etikasy we açyk ylym boýunça halkara ýörelgelerine doly laýyk gelýär.

Halkara UNITWIN toruna goşulmak ýaş alymlar üçin giň mümkinçilikleri açar we olara geogiňişlik maglumatlar hem-de emeli aň tehnologiýalary ulgamynda dünýä derejesindäki ylmy barlaglara gatnaşmaga şertleri döreder.Dabara gatnaşyjylar dünýä derejesindäki bilimi almak üçin döredilýän şertler üçin ýurdumyzyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze kafedranyň ýaşlaryň hünär taýdan ösmegi we Türkmenistanyň halkara ylmy abraýynyň has-da berkemegi üçin binýat boljakdygyny bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistan COVID-19 çäklendirmeleriniň möhletini uzaldýar
Ýurtda dowam edýän pandemiýa çäklendirmeleriniň fonunda Türkmenabatda bir bazar gaýtadan açyldy
Aşgabatda bazarlar, kafeler we restoranlar açylýar. COVID-19 ýoklugynyň kepilnamasy talap edilýär
Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy
Medwedow dünýäniň birinji raketkasy derejesinde özüniň ilkinji oýnuny ýeňiş bilen tamamlady