"Eneli gyzy dilegçilige mejbur eden gowga"

"Eneli gyzy dilegçilige mejbur eden gowga"

23-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň websaýtynda owgan türkmenleriniň durmuşyndan “Eneli gyzy dilegçilige mejbur eden gowga” atly täze wideo çap edildi.Wideoda Şordepede turan uruşdan gaçyp Mazary-Şerife baran bir eneli gyzyň ykbaly barada gürrüň edilýär.

Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenlerden Halyma özüniň 10 ýaşly gyzy bilen, uruş we jeňçileriň abandyrýan howpy sebäpli, doguk Şordepe etrabyny terk edip, Mazary-Şerif şäherine göçüp geldi.Işsizlik we girdeji çeşmesiniň ýoklugy eneli gyzy köçä çykyp dilegçilik etmäge mejbur etdi.

Bu wideonyň çap edilmeginiň yzýany kyn durmuşa duçar bolan eneli-gyza ynsanperwerçilik kömekleri berildi.Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda 23-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň websaýtynda çap edilen “Eneli gyzy dilegçilige mejbur eden gowga” atly wideonyň mazmuny hem-de onuň täsir gerimi barada gürrüň edilýär.

Gepleşigimize Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Alymlar dünýäde içimlik suw gorlarynyň güýçli azalandygyny habar berdiler
Hukuk toparlary zor bilen hassahana ýerleşdirilen žurnalistiň boşadylmagyna çagyrýar
Daşoguza Aşgabatdan döwlet emeldarlary geldi, sebitde arassaçylyk işleri geçirildi we azyk bolçulygy döredildi
MOSKWA ŞÄHERINDE HALKARA MAGLUMAT HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK UGRUNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞYLDY
Maryda hor düşen mallar bazara çykarylýar, ýangyç gytçylygy çekirtge belasyna 'urna boldy'
Balkanda et, balyk we miwe önümleriniň bahalary 1,5 esse çemesi gymmatlady