Erdogan Astanada Putin Bilen Duşuşdy

Erdogan Astanada Putin Bilen Duşuşdy

Prezident Erdogan Putin bilen duşuşygynyň metbugata açyk bölüminde sözlän sözünde; “Hormatly dostum bilen duşuşmanymyza birnäçe aý boldy. Telefon diplomatiýasy mynasybetli gepleşikler geçirdik. Emma egindeşlerimiz birek-birek bilen yzgiderli aragatnaşykda. Ministrlerimiz gatnaşyklaryny yzgiderli dowam etdirdiler” diýdi.

Atom energiýa beketleri boýunça düýpli başlangyç etjekdiklerini nygtan Erdogan; “Sinop atom energiýa bekedi boýunça gepleşiklerimiz bar. Bu meselede möhüm başlangyçlar etjekdigimize ynanýarys. Bu mesele boýunça Energetika we tebigy serişdeler ministrimiz kardeşi bilen gepleşikler geçirýär” diýdi.

BOTAŞ bilen Gazpromyň arasyndaky gatnaşyklaryň içgin dowam edýändigini aýdan Erdogan; “Türkiýe bilen Russiýanyň söwda mukdary 55 milliard dollara barabar we ol biziň üçin uly mukdar däl. Biziň maksadymyz 100 milliard dollara ýetmekdi. Men oňa ýetjekdigimize ynanýaryn. Biziň şeýle potensialymyz bar” diýdi.

7 milliona barabar rus syýahatçysynyň Türkiýä geşmeginiň iňňän möhümdigini nygtan Erdogan; “Rus syýahatçylarynyň Türkiýede kabul edilmegi möhüm. Bu ugurdaky içginligimiz egilşiksiz dowam edýär. Rus syýahatçylarynyň Türkiýeden hoşal bolmagy möhüm” diýdi.

Preziden Erdogan “Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky şu gyzgyn gatnaşyk bilen bilelikde sizi hem gysga wagtda ýurdumyzda myhman almak isleýärin” diýip, Putini Türkiýä çagyrdy. Putin hem Türkiýä hökman geljekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Gazak resmisiniň wiza meselesi boýunça türkmen tarapynyň jogabyna garaşmagy synçylary 'geň galdyrdy'
Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Matwiýenko Türkiyä sapar gurar
Owadandepe türmesinde 'ýitirim edilen' ýene bir tussagyň ykbaly barada täze maglumatlar peýda boldy
Pasportyny täzelemek üçin Türkmenistana baran zenan we onuň çagasy bir ýyllap ýurtdan çykylmaýar
Türkmenistanly Zülfiýa Kajyr bir ýyldan soň Türkiýedäki adamsy bilen birleşdi
Prezident Erdogan Indoneziýada Saparda Bolýar
Prezident Erdogan Indoneziýa Bardy