Erdogan Emeli Intellekt Bilen Palestina Goldaw Berdi

Erdogan Emeli Intellekt Bilen Palestina Goldaw Berdi

Prezident Erdogan sosial media hasabyndan beren habarnamasynda; “Biz sesimiz, sözümiz, dogalarymyz, ynsanperwer kömeklerimiz, elimizdäki ähli mümkinçilikler bilen Gazanyň, palestinaly doganlarymyzyň ýanynda” diýip, ýazdy.

Erdogan habarnamasynda Adalat we ösüş partiýasynyň Stambuldan halk deputaty Ýüjel Arzen Hajyogullary tarapyndan emeli intellekt bilen düzülen “Boýkot” atly aýdymynyň wideosyna hem orun berdi.

Wideoda Ysraýylyň Palestina guran bombaly hüjümleri, partlamalardan gaçan palestinaly çagalar, boýkot edilmegi üçin çagyryş berilen önümler bilen bütin dünýäde Palestina goldaw ýörişlerinden sýužetler görkezilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Täze Zelandiýa bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrýar
International Learning Festival (ILF 2024) halkara bilim festiwalyna ýurdumyzyň wekili gatnaşdy
Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri mälim edildi
Sahara çölüne sil geldi
Ýewropada has köp zawod açar
ABU TRT-nyň ýer eýeçilik etmeginde Stambulda geçiriler