Erdogan Finlýandiýanyň Prezidenti bilen global we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Erdogan Finlýandiýanyň Prezidenti bilen global we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Türkiyäniň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýanata görä, Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen Finlýandiýanyň Prezidenti Aleksandr Stubb çarşenbe güni telefon arkaly geçiren söhbetdeşliklerinde gatnaşyklary, şeýle hem sebitleýin we global meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Erdogan Ankaranyň Helsinki bilen söwda möçberini artdyrmak üçin edýän tagallalaryna ünsi çekip, ediljek ädimler bilen gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.

Türkiyäniň Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky parahatçylyk tapgyryny üstünlikli tamamlamaga synanyşýandygyny aýdan Erdogan, Stambul gepleşikleriniň netijeliligi öň subut edilen diplomatik platforma döredendigini aýtdy.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýanatynda telefon söhbetdeşliginde Palestina meselesiniň hem gün tertibinde bolandygy bellenilip, Erdoganyň Gazadaky ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň ýerine ýetirilişine ýakyndan gözegçilik edýändigi, sebitde dowamly parahatçylygyň diňe iki döwletli çözgüt esasynda mümkindigini we Prezident Stubba Finlýandiýanyň Palestina döwletini ykrar etmeginden hoşal boljakdygyny aýdandygy habar berildi.

Erdogan şeýle hem Prezident Stubby her ýyl 6-njy dekabrda bellenilip geçilýän Finlýandiýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Täze Zelandiýa bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrýar
Dünýäniň iň bagtly şäherleri
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Türkmenistan ÝHHG-niň Hemişelik Geňeşinde Halkara Bitaraplyk gününi belledi
Türkmenistan ÝHHG-niň Hemişelik Geňeşinde Halkara Bitaraplyk gününi belledi
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty