Erdogan goranyş hyzmatdaşlygyna girizilen çäklendirmeleriň bes edilmegi üçin çagyryş etdi

Erdogan goranyş hyzmatdaşlygyna girizilen çäklendirmeleriň bes edilmegi üçin çagyryş etdi

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, NATO agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga girizilen çäklendirmeleriň bes edilmegi üçin çagyryş etdi.

Prezident Erdogan çarşenbe güni paýtagt Ankarada geçirlen NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 36-njy sammitinde eden çykyşynda “Goranmak senagatynyň başda durmagynda goranyş hyzmatdaşlygy boýunça ýaranlaryň arasyndaky çäklendirmeler bes edilmeli” diýdi.

Şol çäklendirmeleriň arasynda Türkiýäniň 2019-njy ýylda Russiýadan S-400 raketa goranyş ulgamlaryny satyn almagyndan soň ABŞ tarapyndan goýlan sanksiýalar, Türkiýäniň F-35 meýilnamazyndan çetleşdirilmegi we ÝB tarapyndan goýlan käbir sanksiýalar ýer alýar.

Prezident Erdogan Ýewropaly ýaranlaryň materigiň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde uly jogapkärçiligi öz üstüne almalydygyny belledi.

Türkiýäniň goranmak pudagy boýunça amala aşyran işleri barada durup geçen Erdogan, ýurduň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerine ünsi çekdi.

Erdogan “Türkiýe hökmünde 2030-njy ýyla çenli goranyş çykdajylarymyzy 3,5 göterim artdyrmak üçin degişli çäreleri gördük” diýdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň “Polat gümmez” howa we raketa goranyş taslamasy üçin goşmaça 24 milliard dollarlyk bujetiň berlendigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer-ministri Rama bilen duşuşdy
Türkiýäniň Prezidenti Ankarany Global Diplomatik Merkezi diýip atlandyrýar
Fidan: Erdogan bilen Trampyň arasyndaky ýakyn gatnaşyk NATO-da dartgynlygyň gowşamagyna sebäp bolar
NATO-nyň sammitinden öň Türkiyäniň paýtagty Ankarada täze howa menzili açyldy
Burhanettin Duran: Ankara howa menzili paýtagtymyzyň halkara derejesindäki rolyny güýçlendirer
Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahaty geçirler