Erdogan: "Ikisinden hem ýüz öwürmegimiz mümkin däl" diýdi

Erdogan: "Ikisinden hem ýüz öwürmegimiz mümkin däl" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky krizis bilen baglanşykly: "Ikisinden hem ýüz öwürmegimiz mümkin däl. Biziň aladamyz netijeli bir ädim edip, hiç birinden ýüz öwürmeden bu işiň hötdesinden gelmek" diýip belledi.

Prezident Erdogan Afrika saparyndan gaýdyşyn uçarda güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly metbugat işgärlerine beýanat berdi.

Erdogan 20-nji ýanwarda Kongo Demokratik Respublikasy bilen başlan Afrika saparynyň tamamlanandygyny belläp, Ukrainada başdan geçirilýän tankydy hadysalar sebäpli Gwineýa-Bisau saparyny yza süýşürmäge mejbur galandyklaryny habar berdi.

Erdogan: "Ýurdumyzyň Ukrainanyň territorial bütewiligine berýän goldawyny, telefon arkaly gürrüňdeş bolan hormatly Zelenskä hem aýdyp geçdim. Minsk ylalaşygynyň açyk düzgün bozmasy bolan hiç bir başlangyjy kabul etmeýändigimizi, mundan soň hem etmejekdigimizi nygtap geçdim. Krizisiň has hem ulalmadan diplomatiýa we dialog arkaly çözülmegi üçin öz üstümize düşýän jogapkärçiligi etmäge taýardygymyzy aýtdym" diýip mälim etdi.

Gara deňiziň howpsuzlygyna we durnuklylygyna wehim salýan ýagdaýy NATO-daky hyzmatdaşlarymyz bilen hem maslahatlaşjakdyklaryny we NATO-nyň Liderler maslahatynyň onlaýn görnüşde geçiriljekdigini aýdan Erdogan: "Dilegimiz, Gara deňizde goňşy bolan Russiýanyň we Ukrainanyň iň gysga wagtda gepleşikler stolyna gaýdyp gelmekleridir" diýip habar berdi.

Prezident Erdogan NATO maslahatyndan garaşýan tamalary bilen bagly soraga jogap berip, häzirki wagtda Russiýa bilen liderleriň çäginde entek çynlakaý gepleşikleriň geçirilmändigini belläp: "Häzirki wagta çenli Ukraina esger ugratjak ýagdaý bilen ýüz-ýüze gelmedik.

Her kim diňe boş beýanat berýär, iş edýän ýok. Ýagdaý şolar ýaly. Şol sebäpli Russiýa serhetde uly mukdarda harby güýç üýşürdi.Elbetde kartinanyň netijesinde näme boljakdygyna göz ýetirmek üçin bilgir bolmasaň hem bolýar. Şol sebäpli geçirjek wideoşekilli göniaragatnaşyk arkaly NATO maslahatynda agza ýurtlaryň liderleri näme beýanat berjekdigine ser salarys.

Biz hem aýtjaklarymyzy olaryň aýtjaklaryna görä kesgitläris, pozisiýamyzy orta goýarys" diýip beýan etdi.

Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlygy ýatladyp, Türkiýäniň bu iki ýurdyň arasyndaky çemeleşmesiniň nähili boljakdygy bilen bagly soraga Erdogan: "Ikisinden hem ýüz öwürmegimiz mümkin däl" diýip jogap berdi.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý, Ysraýyl ýaly Ukrainany hem gorap boljakdygyny aýtdy
Zelenskiý: "Biziň maksadymyz, NATO-nyň agzasy bolmak" diýdi
“Günbatar Däl, Eýsem Putin Gorkmaly”
Antalýa Diplomatiýa Forumy Başlaýar
Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady
Borrel Ukraina Berilýän Goldawyň Dowam Etdirilmegi Üçin Çagyryş Berdi
Stoltenberg: "Ukraina NATO-nyň düzümine girer, ol diňe wagt meselesi" diýdi