Tramp: Erdogan ajaýypdy, NATO uly öňe gidişlik etdi

Tramp: Erdogan ajaýypdy, NATO uly öňe gidişlik etdi

Paýtagt Ankarada geçirlen NATO-nyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 36-njy sammitine gatnaşan ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp Air Fors One uçarynda metbugata beren beýannamasynda, ABŞ-nyň Eýrana guran soňky hüjümleri, ABŞ-Türkiýe gatnaşyklary we NATO-nyň Ankara sammiti hakynda durup geçdi.

ABŞ-nyň Eýrana guran hüjümleri hakynda durup geçen Tramp “Olar bize her hüjüm guranlarynda biziň hem 20 esse jogap berjekdigimizi aýtdym we düýn gije şeýle boldy” diýdi.

Eýranyň hüjümlerine ABŞ-nyň degişli gaýtawuly görkezendigini nygtan Tramp “Onsuz hem harby taýdan üstünlik gazandyk. Ellerinde gaty az zat galdy” diýip belledi.

Tramp “Olar şertnama baglaşmak isleýär. Ýaňy ýakynda hem telefon etdiler. Hawa olar şertnama baglaşmak isleýär. Emma men olaryň şertnamanyň şertlerini ýerine ýetirjekdigine ynanmaýaryn” diýdi.

“Türkiýe bilen möhüm söwda şertnamalaryny baglaşdyk”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, NATO-nyň Ankara sammitiniň diýseň netijeli geçendigini nygtady. Tramp sammit we Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklar barada öwgüli sözler aýtdy.

“Türkiýe bilen möhüm söwda şertnamalaryny baglaşdyk” diýen Tramp, “Prezident R. T. Erdogan ajaýyp adam” diýdi.

Tramp Siriýanyň we Ukrainanyň lideri bilen geçiren gepleşiklerinden hoşal

Sammitiň çäginde Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara bilen geçiren duşuşygy hakynda durup geçen Tramp, Şaranyň ýurdunuň jebisligi taýdan uly işleri amala aşyrandygyny nygtady.

Tramp “Şara uly işleriň hötdesinden geldi. Siriýany birleşdirdi” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý bilen hem netijeli duşuşyk geçirendigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Putin bilen Tramp NATO-nyň Ankaradaky sammitinden öň Ukraina meselesini maslahatlaşdylar
Zelenskiý Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Ankarada geçirjek duşuşyklary belli boldy
Tramp: “Şu gije Eýrana uly hüjüm gurap bileris”
Eýran hüjümlere degişli gaýtawuly görkezer
Fidan NATO sammiti barada: Türkiye bolmadyk bolsa, Tramp gelmezdi