Eýran hüjümlere degişli gaýtawuly görkezer

Eýran hüjümlere degişli gaýtawuly görkezer

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Eýran barada aýdan sözlerine garşylyk görkezen Eýranyň dini lideri Mojteba Hamaneýiň kömekçisi we ýurduň tanymal syýasatçylaryndan Ali Ekber Welaýeti, hüjümlere degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini nygtady.

Welaýeti X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda resmi Tähranyň ozal hem sebitiň syýasy oýunlaryň meýdançasy däldigi barada duýduryş berendigini ýatlatdy.

Welaýati Tähranyň hüjümlere degişli gaýtawuly görkezjekdigini ozal birnäçe gezek subut edendigini belledi.

Welaýati ABŞ-nyň Prezidenti Trampy ylalaşygy bozmakda we sebiti dartgynlaşdyrmakda günäkärledi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ankaranyň ýer eýeçiliginde geçirlen NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyn 36-njy sammitiniň çäginde Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýannamasynda Eýrana garşy uly hüjümiň guraljakdygyny aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Putin bilen Tramp NATO-nyň Ankaradaky sammitinden öň Ukraina meselesini maslahatlaşdylar
ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Ankarada geçirjek duşuşyklary belli boldy
Tramp: “Şu gije Eýrana uly hüjüm gurap bileris”
Tramp: Erdogan ajaýypdy, NATO uly öňe gidişlik etdi
Zelenskiý Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Ýewropanyň gepleşiklere gatnaşmalydygyny aýtdy