Erdogan: "Nesip bolsa biz bu işi 2023-nji ýyla çenli ýetişdireris" diýdi

Erdogan: "Nesip bolsa biz bu işi 2023-nji ýyla çenli ýetişdireris" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Gara deňizde alynyp barylýan tebigy gaz bilen bagly işler boýunça 2022-nji ýylda ähli ýataklarda önümçilikden öňki tamamlama operasiýalaryň geçiriljekdigini belläp: "Nesip bolsa biz bu işi 2023-nji ýyla çenli ýetişdireris" diýdi.

Albaniýa guran saparyndan soň metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beren Prezident Erdogan Gara deňizde geçirilýän tebigy gaz bilen bagly işleriň üstünde durup geçip: "Turba geçiriji işlerinde ulanyljak turbalar gelip gowuşmaga başlady.

Turbalaryň ählisiniň takmynan 10 aýry gezekde porta getirilmegi meýilleşdirilýär.Her bir turba takmynan 12 metr uzynlygynda.Turbalary deňiziň aşagynda ýerleşdirmek işleri takmynan 5 aý dowam eder. 2022-nji ýylda ähli ýataklarda önümçilikden öňki tamamlama operasiýalary geçiriler.

Nesip bolsa biz bu işi 2023-nji ýyla çenli ýetişdireris" diýip habar berdi.

"Täze buşlukly habar gelermi?" soragyna Prezident Erdogan: "Garaşýarys. Nesip bolsa tamamyz, ministrligiň alyp barýan işleri, egindeşlerimiziň berýän maglumatlary, esasan hem seýsmiki ylmy-derňew gämilerimiziň bize berýän habarnamalary, ählisi şol ugurda. Şonsyz hem bu işi netijelendiren mahalymyz, ykdysady ösüş näme diýip soranlara nesip bolsa biz ol ýerden gerek bolan jogaby bermek mümkinçiligine ýeteris" diýip beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan, Günbatar Balkanlaryň Iň Halanýan Lideri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hytaý ýanwar-noýabr aýlarynda $9,28 milliardlyk türkmen tebigy gazyny import etdi
Gazak Nebiti Baku-Tiblisi-Jeýhan Turba Geçirijisi Arkaly Akdyrlar
Türkmennebit we Türkmengaz döwlet konsernleri​ daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe şertnama baglaşdylar
Ýanwar-sentýabr: Hytaý $7,32 milliardlyk türkmen tebigy gazyny import etdi