
Prezident Erdogan özüniň Twitter hasabyndan soňky günlerde başdan geçirilen sil apatlary bilen bagly beýanat berdi.
Rize, Artwin we Düzje welaýatlarynda başdan geçirilen sil apatlarynyň ýetiren zyýanlaryny ortadan aýyrmak üçin gerek bolan ädimleri etmäge dowam edýändiklerini aýdan Prezident Erdogan, ady agzalan 3 welaýatyň sil apatynyň zyýan ýetiren etraplarynyň we obalarynyň tebigy betbagtçylyk zolagy hökmünde yglan ediljekdigini habar berdi.
Erdogan tebigy betbagtçylyk zolagy hökmünde yglan edilen ýerlerde salgytlaryň, Sosial howpsuzlyk edarasynyň tölegleriniň we potratçylaryň karz tölegleriniň yza süýşüriljekdigini, iş ýerlerine we ulaglaryna zyýan ýeten adamlara bolsa goldawlaryň beriljekdigini aýan etdi.