Erdogan Sudanyň Özygtyýarlylyk geňeşiniň başlygy Burhan bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Erdogan Sudanyň Özygtyýarlylyk geňeşiniň başlygy Burhan bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Prezident Erdogan Prezidentiň kompleksinde resmi sapar bilen Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherine gelen Sudanyň Özygtyýarlylyk geňeşiniň başlygy general Abdulfettah Al-Burhan bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi.

Taryhy saparyň Türkiýe-Sudan doganlygynda täze bir döwrüň buşlukçysy boljakdygyna ynanýandygyny aýdan Prezident Erdogan, Sudanda 2019-njy ýyldan bäri köptaraplaýyn we möhüm özgeriş etabynyň başdan geçirilýändigini beýan etdi.

Burhanyň bu tankydy döwürde öz üstüne uly jogapkärçilik düşýändigini aýdan Erdogan: "Muşakgatly tapgyrda doganlyk Sudanyň halkynyň we döwletiniň ýanynda bolup, tapgyry ýeňilleşdirmekde we jebislik içinde bolmakda tutanýerlidiris. Sudanyň halky başyndan geçirýän kynçylyklaryň hötdesinden geljek güýje, erjellik we jebislik ruhuna eýedir" diýip belledi.

Sudanyň Özygtyýarlylyk geňeşiniň başlygy general Abdulfettah Al-Burhan bolsa, Türkiýäniň hemişe ýurdunyň ýanynda bolandygyny habar berdi.

Burhan iki ýurdyň arasynda taryhy we berk gatnaşyklaryň bardygyny belläp: "Sudanyň başyndan geçirýän özgeriş tapgyrynda hem Türkiýe ýanymyzda boldy. Nesip bolsa Türkiýäniň we Türkiýäniň lideri ýaly dostlarymyzyň goldawy bilen bu tapgyryň hötdesinden geljekdigimize ynanýarys" diýip mälim etdi.

Metbugat ýygnagyndan ozal, iki ýurdyň arasynda 6 tapawutly ugur boýunça resminamalara gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye, Prezident Erdogana garşy aýdan sözleri sebäpli Netanýahuny ýazgardy
Somaliniň Prezidenti Türkiýede saparda bolýar
Erdogan Sudanyň Premýer-ministri bilen duşuşygynda ýurdunyň özygtyýarlylygyny goldaýandygyny aýtdy
Prezident Erdogan Gazagystanda resmi dabara bilen garşylandy
Duran: “Türk Aşhanasynyň hepdeligi Türkiyäniň güýçli medeni mirasyny ýaşadýar”
Prezident Erdogan uçar heläkçiligi sebäpli Liwiýanyň premýer ministrine gynanç bildirdi
Türkiye Ysraýyl tarapyndan tussag edilen CNN Türk toparynyň dessine boşadylmagyny talap etdi