Erdogan Terrorçylykly Hüjümler Meselesinde Dymmagy Saýlap Alanlara Reaksiýa Görkezdi

Erdogan Terrorçylykly Hüjümler Meselesinde Dymmagy Saýlap Alanlara Reaksiýa Görkezdi

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýede soňky döwürde guralan terrorçylykly hüjümler meselesinde dymmagy saýlap alanlara reaksiýa görkezdi.

Erdogan, Zenanlara edilýän zuluma garşy halkara göreş güni mynasibetli Stambul kongres merkezinde geçirlen maslahata gatnaşdy.

Prezident Erdogan, “Terror guramasynyň soňky döwürde guran hüjümlerinde 2-i mugallym, 8 raýatymyz ýogaldy. Dünýäde başga ýurtlarda terror guramasy mugallymlary we çagalary nyşana alan bolsady, birnäçe günüň, birnäçe hepdäniň hatda birnäçe aýyň dowamynda şol hüjümlere berk garşylyk görkezerdiler.

Türkiýede guralan terrorçylykly hüjümlerde bolsa dymmagy saýlap alýarlar. Berlen gynanç ýüzlenmelerden daşary ne syýasatçylaryndan, ne jemgyýetçilik guramalaryndan ne-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden ses çykýar. Dünýäde iş alyp barýan adam hukuklary guramalary eýsem nirede? Elbetde dost we doganlyk ýurtlaryň içgin gynançlaryny ýatdan çykarmarys” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Terrorçylar Zehra Sebat Bilen Serhat Erdogan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
"Il üçin dogrupdyň, düşün ahyry..."
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalda türkmen filmi birinji orny eýeledi, Türkmenistanyň raýatlary üçin Russiýa Federasiýasynda mugt bilim almak boýunça arzalary kabul etmegiň möhleti uzaldyldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda Kanadanyň täze ilçisi işe başlady
Kanadanyň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisinden ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi
Panamanyň "Crown Iris" kruiz gämisi Alanýa geldi