Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisinden ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi

Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisinden ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Alan Hemson (oturýan ýeri Astana şäheri) bilen duşuşdy we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen-kanada gatnaşyklaryny giňeltmekde üstünlik arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-kanada hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem döwletara formatda, halkara we sebit guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen, diplomatlar 2024-nji ýylda daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmäge ylalaşdylar. Şunuň bilen birlikde, şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirilmeginiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Geljegi uly ugurlaryň arasynda söwda we ykdysady toplum, ýangyç we energetika pudagy, ýaşyl energiýa, şeýle hem bilim ulgamy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Maşgala durmuşyndan sahnalar: Eje atly sahna oýnunyň görkezilişi uly üstünlige eýe boldy
Türkmenistanly tälimçileriň toparlary Russiýanyň çempionatynda nobatdaky ýeňişlerini gazandylar
Homuhanyň topary üçünji, Berdiýewiň topary bolsa dördünji orna geçdi
Berdiýewiň topary Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň liderini uly hasapda ýeňdi
Crown Iris Gämisi Alanýa Geldi
Gurban Berdiýewiň tälim berýän topary sanawyň liderini ýeňlişe sezewar etdi
Gurban Berdiýewiň toparynyň nobatdaky ýeňşi