Berdiýewiň topary Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň liderini uly hasapda ýeňdi

Berdiýewiň topary Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň liderini uly hasapda ýeňdi

Gurban Berdiýewden tälim alýan Mahaçkalanyň Dinamo topary futbol boýunça Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň 10-njy tapgyrynda turnir tablisasynyň lideri Alaniýany ýeňlişe sezewar etdi. Mahaçkala şäherinde geçirilen oýun 3:0 hasabynda Berdiýewiň şägirtleriniň peýdasyna tamamlandy.

Duşuşykda Dinamonyň oýunçysy Kowaçewiç eýýäm 2-nji minutda hasaby açdy. 20-nji minutda Serderow mahaçkalalylaryň hasapdaky üstünligini 2 topa çykardy. 67-nji minutda bolsa Dinamonyň angolaly hüjümçisi Kasintura oýna soňky nokady goýdy — 3:0.

Şeýlelikde, Dinamo 10-njy tapgyrdan soňra utuklarynyň sanyny 18-e ýetirip, turnir tablisasynyň lideri Alaniýa bilen aratapawudy 2 utuga çenli azaltdy.

Gurban Berdiýewiň şägirtleri indiki tapgyrda 23-nji sentýabr güni Anži Arenada Sokol bilen güýç synanyşarlar. Alaniýa bolsa şol gün SKA-Habarowsk toparyny myhman alar.

Ýene degişli makalalar

Gurban Berdiýewiň tälim berýän topary sanawyň liderini ýeňlişe sezewar etdi
Türkmenistanly tälimçileriň toparlary Russiýanyň çempionatynda nobatdaky ýeňişlerini gazandylar
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalda türkmen filmi birinji orny eýeledi, Türkmenistanyň raýatlary üçin Russiýa Federasiýasynda mugt bilim almak boýunça arzalary kabul etmegiň möhleti uzaldyldy we beýleki habarlar
Ýarym goragçy Serder Serderow Gurban Berdiýewi Dagystanda hemmeleriň hormatlaýandygyny aýtdy
Gurban Berdiýewden tälim alýan Dinamo Ýeniseýi ýeňip, birinji orna geçdi
Homuhanyň topary üçünji, Berdiýewiň topary bolsa dördünji orna geçdi