Homuhanyň topary üçünji, Berdiýewiň topary bolsa dördünji orna geçdi

Homuhanyň topary üçünji, Berdiýewiň topary bolsa dördünji orna geçdi

Russiýanyň çemionatynyň Birinji ligasynyň dokuzynjy tapgyrynda türkmenistanly tälimçileriň türgenleşdirýän toparlarynyň ikisi hem ýeňiş gazanmagy başardy.

Dokuzynjy tapgyryň çäklerinde türkmenistanly hünärmen Dmitriý Homuhadan tälim alýan Ýaroslawlyň Şinnik topary şenbe güni öz öýünde Çernomoresi 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gurban Berdiýewiň tälim berýän Dinamosy (Mahaçkala) bolsa ýekşenbe güni myhmançylykda Leningradesden 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, dokuz tapgyrdan soňra türkmenistanly tälimçileriň toparlary degişlilikde turnir tabliasynyň üçünji we dördünji orunlaryny eýeläp durlar. Ýagny Homuhanyň golsatynda türgenleşýän Şinnik 16 utuk bilen üçünji ýerde barýan bolsa, Gurban Berdiýewiň baş tälimçilik edýän Dinamosy 15 utuk bilen turnir tablisasynda dördünji ýere ornaşdy.

Häzirki wagtda Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň turnir tablisasynda 20 utuk bilen Alaniýa liderlik edýär.Ikinji orun bolsa 17 utuk jemlän Sokol toparyna degişli.

Mahaçkalanyň Dinamosy indiki tapgyrdaky oýnuny 18-nji sentýabrda öz öýünde turnir tablisasynyň lideri Alaniýa bilen geçirer. Şinnik bolsa 17-nji sentýabrda Tulada Arsenalyň myhmany bolar.

Ýene degişli makalalar

Gurban Berdiýewden tälim alýan Dinamo Ýeniseýi ýeňip, birinji orna geçdi
Türkmenistanly tälimçileriň toparlary Russiýanyň çempionatynda nobatdaky ýeňişlerini gazandylar
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalda türkmen filmi birinji orny eýeledi, Türkmenistanyň raýatlary üçin Russiýa Federasiýasynda mugt bilim almak boýunça arzalary kabul etmegiň möhleti uzaldyldy we beýleki habarlar
Ýarym goragçy Serder Serderow Gurban Berdiýewi Dagystanda hemmeleriň hormatlaýandygyny aýtdy
Berdiýewiň topary Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň liderini uly hasapda ýeňdi
Gurban Berdiýewiň tälim berýän topary sanawyň liderini ýeňlişe sezewar etdi