Türkmenistanly tälimçileriň toparlary Russiýanyň çempionatynda nobatdaky ýeňişlerini gazandylar

Türkmenistanly tälimçileriň toparlary Russiýanyň çempionatynda nobatdaky ýeňişlerini gazandylar

Russiýanyň çemionatynyň Birinji ligasynyň sekizinji tapgyry türkmenistanly tälimçileriň türgenleşdirýän toparlary üçin şowly geldi. Has takygy, tapgyrda Gurban Berdiýewiň halypalyk edýän Mahaçkalanyň Dinamosy hem, Dmitriý Homuhadan tälim alýan Ýaroslawlyň Şinnik topary hem ýeňiş gazanmagy başardy.

Mahaçkalanyň Dinamo kluby Habarows şäheriniň SKA toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykan bolsa, Ýaroslawlyň Şinniki Nižnekamskyň Neftehimigini 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, sekiz tapgyrdan soňra Dinamo 12 utuk bilen turnir tablisasynyň 7-nji ornunda, Şinnik bolsa 13 utuk bilen 5-nji basgançagynda barýar. Ýaryş jedweliniň başyny 19 utuk bilen Alaniýa topary çekýär. Mundan başga-da ilkinji üçlükde Sokol (16 utuk) hem-de Akron (14 utuk) toparlary orun alýar.

Ýene degişli makalalar

Berdiýewiň topary Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň liderini uly hasapda ýeňdi
Homuhanyň topary üçünji, Berdiýewiň topary bolsa dördünji orna geçdi
Gurban Berdiýewiň tälim berýän topary sanawyň liderini ýeňlişe sezewar etdi
Gurban Berdiýewiň toparynyň nobatdaky ýeňşi
Ýarym goragçy Serder Serderow Gurban Berdiýewi Dagystanda hemmeleriň hormatlaýandygyny aýtdy
Gurban Berdiýewden tälim alýan Dinamo Ýeniseýi ýeňip, birinji orna geçdi