Erling Holann taryhy rekordy täzeledi

“Mançester Sitiniň” norwegiýaly hüjümçisi Erling Holanny durzup bolanok. “Mançester Sitiniň” 28-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygynda “West Hamy” 3-0 ýeňen oýnunda 22 ýaşyndaky hüjümçi 1 gol geçirdi.

Ol bu goly geçirmek bilen taryhy rekordy täzeledi.Bu onuň şu möwsümde geçiren 35-nji goly bolup, Holann “Premier Ligada” bir möwsümde iň köp gol geçiren futbolçy hökmünde taryha girdi.

Ol bu ugurda Endi Koulyň (1993/94) hem-de Alan Şireriň (1994/95) 42 duşuşyk geçirilýän döwürlerde salan 34 gol rekordyny täzeledi. Şeýle-de, Angliýanyň ýokary ligasynda soňky gezek bir futbolçy 1966/67 möwsüminde 35-den köp gol geçiripdi. Şol möwsümde Ron Dewis 37 gol geçiripdi.

Şeýle-de, Erling Holannyň şu möwsümde umumylykda geçiren gollarynyň sany 51-e ýetdi. 45 oýunda 51 gol geçiren Holanndan öň Angliýada diňe 3 futbolçy 50 gola ýetipdi.

Wiktor Watson (1919/20) bilen Tom Woring (1930/31) bir möwsümde ähli ýaryşlarda 50 gol geçiripdi.Bu ugurda rekord 63 gol bilen “ewertonly” Diksi Dine degişli bolup, ol 1927/28 möwsüminde 63 gezek tapawutlanypdy.

Ýene degişli makalalar

92 ýyldan soň 50 gola ýeten ilkinji futbolçy
Muguruzanyň ilkinji çempionlygy
10.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Berdimuhamedow TOPH-y ätiýaçlandyrmakçy bolýar
20.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl : nebitgaz toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl : nebitgaz toplumy