IBM emeli aň platformasyny tanyşdyrdy

ABŞ-nyň IBM kompaniýasy WatsonX atly emeli aň we maglumat platformasyny işläp taýýarlandygyny mälim etdi.Geçen ýylyň noýabrynda Microsoft-yň goldaw bermeginde OpenAI atly kompaniýa ChatGPT emeli aň bilen işleýän söhbetdeşlik programmasyny halka hödürläpdi.

Bu platforma adam bilen adam ýaly gepleşip, soraglaryna jogap berip bilýär. Şondan soňra emeli aň tehnologiýasyna has köp maýa goýum goýberilip başlandy.IBM-niň ýolbaşçysy Arwind Krişna kompaniýalaryň ýerine ýetirýän işlerini emeli aň bilen uýgunlaşdyrmaklaryna ýardam etjek programmany işläp taýýarlandyklaryny mälim etdi.

Krişna emeli aň taslamalarynda müşderilere goldaw bermek üçin müňden gowrak maslahatçynyň boljakdygyny aýdyp, wagtyň geçmegi bilen has köp modeliň guruljakdygyny we netijede täze taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde has az maslahatça zerurlyk duýuljakdygyny belledi.

Dürjemal NURÝAGDYÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Iş orunlaryny emeli aň bilen çalşar
IBM kärhanasy Russiýadan çekilýär
IBM iň güýçli kwant kompýuterini satuwa çykardy
Bloomberg: IBM kompaniýasy 4 müň işgärini boşatmakçy
Kompýuter 40 ýaşady
Superkompýuterde Hytaý öňde