“Colvir” Aşgabatda bank ulgamyndaky soňky sanly tehnologiýalar boýunça maslahat geçirdi

“Colvir” Aşgabatda bank ulgamyndaky soňky sanly tehnologiýalar boýunça maslahat geçirdi

Aşgabatda 10-njy noýabrda “Colvir Software Solutions” halkara IT-kompaniýasy “Colvir Banking Conference” maslahatyny geçirdi. Arçabil myhmanhanasynda geçen bu çäre kompaniýanyň halkara bazarynda 25 ýyllyk hem-de Türkmenistanda 17 ýyllyk iş ýoluna bagyşlanyp geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, täjirçilik banklarynyň, “Türkmenpoçta” döwlet kärhanasynyň, şeýle hem halkara guramalaryň we IT-kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy.

“Colvir” kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek boýunça bölüminiň direktory Denis Ýudin “Onýyllygyň makrotrendleri we maliýaniň geljegi” atly çykyşynda esasy ugurlary belläp geçdi: emeli aňyň infrastruktura hökmünde ähmiýetiniň artmagy, aktiwleriň tokenizasiýasy, gig-ykdysadyýetiň ösmegi, inklýuziýa we saglygyň täze walyuta hökmünde kabul edilmegi.

Kompaniýanyň satuw bölüminiň baş menejeri Alekseý Soluýanow sanlylaşdyrmagyň bank hyzmatlarynyň tizligini we müşderi üçin amatlylygyny ýokarlandyrýandygyny nygtap, “Colvir V3” platformasynyň täze mümkinçiliklerini, “Smart Data Hub” integrasiýa çözgütlerini, “Security Server 3.1” ulgamyny hem-de mikro maliýe, sanly walýutalar we yslam maliýe önümleri boýunça meýilnamalary bilen tanyş etdi. Gazagystan we Azerbaýjan banklarynyň üstünlikli tejribeleri mysal hökmünde görkezildi.

IBM kompaniýasynyň wekili Konstantin Punda çykyşynda kompaniýanyň çözgütleriniň banklara ygtybarly IT-infrastrukturany döretmäge we generatiw emeli aňy korporatiw iş proseslerine ornaşdyrmaga kömek edýändigini gürrüň berdi.

Çärä gatnaşyjylar konferensiýanyň amaly peýdaly maglumatlary, dünýäniň häzirki maliýe-bank tehnologiýa ugurlary baradaky täzelikleri hem-de emeli aň boýunça bilermenler bilen gatnaşyklary giňeltmek üçin mümkinçilikleriň döredilendigini bellediler. “Colvir” kompaniýasy bank işgärleriniň ukyplaryny we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen okuwlary, webinarlary, “Colvir Camp” programmalaryny we beýleki pudaklaýyn çäreleri yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

2000-nji ýylda Beýik Britaniýada esaslandyrylan bu kompaniýa banklar, poçta hem-de döwlet maliýe edaralary üçin IT-çözgütleri döredýär: awtomatlaşdyrylan bank ulgamlary, onlaýn hyzmat ulgamlary, ERP, CRM, gazna, töleg we integrasiýa platformalary. Häzirki wagtda Türkmenistanyň banklarynyň 80%-i “Colvir” kompaniýasynyň çözgütlerini ulanýar, ýurduň maliýe amallarynyň 90%-den gowragy bolsa kompaniýanyň ulgamlary arkaly ýerine ýetirilýär.

“Colvir” Türkmenistanyň maliýe ulgamynyň sanly taýdan ösmegine ýardam berýän taslamalaryny amala aşyrmagy dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

06.06.2018 | Türkmenistan-ABŞ: durnukly ösüş maksady bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk
Türkmen-amerikan işewür geňeşine — 10 ýyl
Iş orunlaryny emeli aň bilen çalşar
Aşgabatda “Türkmentel-2025” halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler
Kompýuter 40 ýaşady
IBM emeli aň platformasyny tanyşdyrdy