Ermenileriň Garabagda Geçiren Saýlawyna Reaksiýa Görkezilýär

Ermenileriň Garabagda Geçiren Saýlawyna Reaksiýa Görkezilýär

ABŞ, Azerbaýjana degişli Garabagda, ermeni güýçleriniň gözegçiligi astyndaky ýerlerde geçirlen prezident saýlawy atlandyrlan saýlawyň netijesini ykrar etmeýändigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat sekretary Miller, metbugata beýannama berdi.

ABŞ-nyň Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky kynçylyklaryň gepleşik arkaly çözülmegine goldaw bermäge dowam etjekdigini aýdan Miller, Laçyn koridorynyň we Agdam ýolunyň açylmagy barada çagyryş berdi.

Miller “Ozal hem beýan edişimiz ýaly Garabagy garaşsyz we özgtyýarly döwlet hökmünde ykrar etmeýäris. Şol sebäpli prezident saýlawy atlandyrlan saýlawyň netijesini hem ykrar etmeýäris” diýdi.

Gruziýanyň Daşary işler ministrligi hem Azerbaýjanyň Garabag sebitinde ermeni güýçleriniň gözegçiligi astyndaky ýerlerde geçirlen prezident saýlawy atlandyrlan saýlawyň netijesini ykrar etmeýändigini aýan etdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň territorial bitewiligine we özgtyýarlygyna goldaw berýändigi nygtaldy.

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi hem Azerbaýjanyň Garabag sebitinde ermeni güýçleriniň gözegçiligi astyndaky ýerlerde geçirlen prezident saýlawy atlandyrlan saýlawy ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Özbegistanyň Azerbaýjanyň territorial bitewiligine güýçli goldaw berýändigi nygtaldy.

Garabagdaky ermeni güýçleri, gözegçiligi astyndaky ýerlerde 9-njy sentýabrda prezident saýlawy atlandyrlan saýlaw geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady
Azerbaýjan onlarça ýyl dowam eden uruşdan soň Ermenistana ilkinji gezek ýangyç iberdi
Ermenistanyň hökümet baştutanynyň Putine 'gaýtargy' bermegi türkmenistanlylar arasynda disskussiýa döretdi
Hakan Fidan Bakuwa Bardy
Aliýew Ermenistan Bilen Barlyşyga Iňňän Ýakyndyklaryny Aýtdy
Prezident Erdogan Bursada halka ýüzlenip çykyş etdi