Ermenistanyň bazarynda “Türkmenistanda öndürilen” önümlere gyzyklanma artýar

Ermenistanyň bazarynda “Türkmenistanda öndürilen” önümlere gyzyklanma artýar

Türkmenistanyň Ermenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow duşenbe güni Ýerewan şäherinde Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda ermeni bazarynda “Türkmenistanda öndürilen” haryt nyşanly türkmen senagat önümlerine gyzyklanmanyň artýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, taraplaryň iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmaga taýýardygy mälim edildi.

Muhammetgeldi Aýazow we Karen Iwanow iki döwletiň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini hem-de haryt dolanyşygyny ösdürmek, täze logistika ugurlaryny ýola goýmak meselelerini, şeýle hem ulag-logistika infrastrukturasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Karen Iwanow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň 2024-nji ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň “Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food” atly halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýändigi barada habar berdi.

Ilçi Muhammetgeldi Aýazow öz gezeginde türkmen tarapynyň bu sapar boýunça degişli ýardamlary berjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Ermenistan Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep bazarlary açylar, Aşgabatda ýene bir medeni-dynç alyş seýilgähi açylar, Türkmenistan CAFA Futsal Cup çempionatynyň dördünji aýlawynda Gyrgyzystandan üstün çykdy we beýleki habarlar
Ermenistanda Arkadag şäheriniň seýsmiki mikrosebitleýiş işleri tanyşdyryldy
Türkmen ilçisi Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
Moskwany we Aşgabady Türkmen howa ýollarynyň göni howa gatnawy birikdirer, diplomlary Türkmenistanda ykrar edilýän iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň 2023-nji ýyldaky sanawy köpçülige ýetirildi we beýleki habarlar
FlyDubai Aşgabada dowamly uçuşlary dikeltdi, Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy, Saratow uniwersitetinde türkmen talyplarynyň sany birnäçe esse artdy we beýleki habarlar