Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep bazarlary açylar, Aşgabatda ýene bir medeni-dynç alyş seýilgähi açylar, Türkmenistan CAFA Futsal Cup çempionatynyň dördünji aýlawynda Gyrgyzystandan üstün çykdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep bazarlary açylar, Aşgabatda ýene bir medeni-dynç alyş seýilgähi açylar, Türkmenistan CAFA Futsal Cup çempionatynyň dördünji aýlawynda Gyrgyzystandan üstün çykdy we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. 1-nji awgustda Türkmenistanyň welaýat we etrap merkezlerinde, paýtagtynda hem-de Arkadag şäherinde mekdep bazarlary açylar. Olarda kanselýariýa harytlaryny, mekdep we sport lybaslaryny, şeýle hem okuwçylar we talypla üçin zerur bolan beýleki esbaplary satyn almak mümkindir. Bazarlar şu ýylyň 5-nji sentýabryna çenli hereket eder.

2. Aşgabatda ýene bir medeni-dynç alyş seýilgähi açylar. Ol türkmen paýtagtynyň demirgazygynda ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki ýylyň dowamynda gurlar. Gurluşyk işlerini Nowa hyzmat hususy kärhanasy alyp barar. Seýilgäh 2025-nji ýylyň awgust aýynda açylyp ulanmaga berler.

3. Awgust aýynda Türkmenistanda dürli medeni çäreleri, forumlary we sergileri geçirmek göz öňünde tutulýar. Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňzi parahatçylyk we dostluk deňzi atly forum, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň welaýat tapgyrlary geçiriler, Halkara gatnaşyklary institutynda bolsa Türkmenista ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk atly dabaraly maslahat guralar.

4.Aşgabadyň etegindäki Gökdere jülgesinde ýerleşýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň arasynda Dil bilen dünýäni gezer atly bäsleşik geçirildi.Bäsleşik Bagtyýar Nesiller çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde geçirildi, oňa beýleki merkezlerden hem çagalar gatnaşdylar. Çagalar daşary ýurt dillerinde goşgy okamak, aýdym aýtmak boýunça bäsleşdiler hem-de özleriniň tans etmek we aýdym-saz boýunça başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

5. Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden ybarat topar güýzde hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana gelmegi meýilleşdirýär. Bu barada Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanow Türkmenistanyň Ýerewandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen duşuşygynyň dowamynda belläp geçdi.

6. Aşgabatda Toyota Crown kysymly täze kross-sedanyň tanyşdyrylyşy boldy. Çäre Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dilerlik merkezi bolan Garagum Ulag HJ-de geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň wekilleri, şeýle hem birnäçe iri kompaniýalaryň wekilleri we ýerli telekeçiler çagyryldy.

Dünýäde

7. Ýewropa kosmos agentligi Ýeriň orbitasyndaky meteorologiýa hemrasyny ýok etmegiň deregine, ony yzyna gaýtarmagy meýilleşdirýär. Hemranyň hatardan çykan bölekleriniň Ýeriň daşynda hemişelik aýlanyp ýörmez ýaly, ony Ýere gaýtaryp getirmek işini kosmiki zibiller bilen göreşmek boýunça çäreleriň çäklerinde amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Hemra 2018-nji ýyldan bäri işläp gelýär. Onuň wezipesi Ýerdäki ýellere gözegçilik etmekden we alnan maglumatlary meteorologlara ibermekden ybaratdy.

8.Hip-hopdaky zenanlar barada Netflix tarapyndan surata düşürilýän täze dokumental gysga-serialyň treýleri çykdy.Ladies First: A Story of Women in Hip-Hop atly serial 9-njy awgustda Netflix-de ýaýlyma berler.

Ony döredijileriň bellemeklerine görä, olar hip-hop stilindäki aýdym-sazyň döreýiş we ösüş taryhyny zenanlaryň kabul edişi arkaly görkezmek isläpdiler.Filmde 2023-nji ýylda 50 ýaşy dolýan bu aýdym-saz žanrynyň ýyldyzlarynyň döredijiligi barada gürrüň berilýär.

Sport habarlary

9.Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy CAFA Futsal Cup-2023 çempionatynyň dördünji aýlawynda gyrgyzystanly garşydaşlaryndan üstün çykdy.Duşenbe şäherinde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy.Türkmen toparynyň düzüminde Mülkaman Annagulyýew we Maksat Soltanow tapawutlamagy başardylar, derwezeban Meretgeldi Gurbanow bolsa duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.

Duşenbe güni, 30-njy iýulda geçirildjek jemleýji aýlawda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Owganystan bilen duşuşar. Üstünlik gazanan ýagdaýynda, türkmen futzalçylary bürünç medala dalaşgärlik edip bilerler.

10.Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki baş tälimçisi bolan horwat hünärmen Ante Mişä ýurduň Futbol federasiýasynyň adyndan we Ahal futbol toparyndan 22 belgili ady ýazylan köýnekçe gowşuryldy, ol özüniň futbol karýerasynyň agramly bölegini geçiren Haýduk toparynda şol belgi bilen çykyş edipdi.

Häzirki wagtda horwat hünärmen Saud Arabystanynyň Al-Adalah toparynyň baş tälimçisidir, Ahal Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde bu topar bilen deňme-deň (2:2) oýnapdy.

11.Türkmen gelip çykyşly eýranly futbolçy Serdar Azmun özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň ikinji tapgyrynyň bije çekişligini teswirledi.Ol: Ýakynda görüşýänçäk, Türkmenistan diýen ýazgyny paýlaşdy.

Bije çekişligiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň E toparça düşendigi we onda Eýran, Özbegistan hem-de birinji saýlama tapgyryndaky Gonkong Butan jübütiniň ýeňijisi bilen oýnajakdygy ozal habar berlipdi.

Ýene degişli makalalar

Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly
Garramagy haýalladýan doňdurma oýlanyp tapyldy
Iň gymmat sanly sungat eseri
ТУРКМЕНИСТАН И МЕЖДУНАРОДНЫЙ СОЮЗ АВТОМОБИЛЬНОГО ТРАНСПОРТА НАМЕРЕНЫ РАСШИРЯТЬ СОТРУДНИЧЕСТВО
Samsung 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda täze önümlerini tanyşdyrar
Ýylyň iň gowy 10 filmi