Ertekiler çagalaryň ruhy dünýäsiniň açary

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda Aşgabat şäherindäki 20-nji çagalar bagynda “Ertekiler çagalaryň ruhy açary” atly söhbetdeşlik geçirdi.Kitaphananyň hünärmeni körpeje jigilerimize erteki barada gysgaça gürrüň berip, olaryň halaýan ertekileriniň gahrymanlaryny gurjaklaryň üsti bilen hereketlendirip kiçijik sahna oýunlary görkezdiler. Şeýle hem çagalar uly höwes bilen oýuna gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Çagalaryň gülkisi iň ajaýyp senadyr
Ertekiler dünýäsi
Jadyly ertekiler
ERTEKILERIŇ JADYLY DÜNÝÄSI
ERTEKILERIŇ TÄSIN DÜNÝÄSINDE
ERTEKILERIŇ JADYLY DÜNÝÄSI