Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynyň hünärmenleri şäheriň 48-nji çagalar bagynda körpejeler bilen “Jadyly ertekiler” atly çagalar ertirligini geçirdiler.Türkmen halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi.
Kalby päkize körpeleriň eý görýän zady erteki.Ertekiler körpelerde gowy häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär.Gürrüňdeşligiň ahyrynda röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz hakyndaky atalyk aladalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
