ZEHINLI ÇAGALAR BILEN SÖHBETDEŞLIK

ZEHINLI ÇAGALAR BILEN SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan Garajaoglan seýilgähine gezelenç etmäge gelen çagalar bilen Ýaş nesle çagalar edebiýatyny wagyz etmek maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz çagalar bilen tamamlanan okuw ýyly, gyzykly we şadyýan geçýän dynç alyş günleri we täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk barada täsirli gürrüňler etdi.Bilesigeliji çagalara türkmen halk ertekilerini okap berdi.

Ertekilerde ündelýän oňat gylyk-häsiýetleriň ähmiýetini giňişleýin düşündirdi.Bagtyýar çagalar hem gyzykly dynç alyş möwsümini, ajaýyp zamanamyzy, bagtly çagalygy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler.Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.

Söhbetdeşlige Ýaşlyk teleýaýlymynyň Zehinli çagalar atly gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, kitap bilen ýakyndan dostlaşmagy, oňat dynç almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Dagynyk beýni sindromy
Ýyldyzly fleýta
Sagdyn durmuşyň formulasy: Hereket etmek
"Gözegçilik meniň elimde" taslamasy
Ördek sindromy
Sosial mediany köp ulanmak adamlarda ýalňyzlyk duýgusyny artdyrýar