Ertekileriň jadyly dünýäsi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Altyn Sümmül” çagalary sagaldyş we dynç alyş merkezinde Ertekileriň jadyly dünýäsi ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Çärede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň ruhy hem beden taýdan kämil bolmagy, Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň özenidigi, çagalaryň ösüş ýolunda ähli şertleriň göz öňünde tutulandygy, olaryň boş wagtlaryny peýdaly we medeniýetli geçirmekleri bilen berk baglanyşykly birnäçe işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriň birnäçesinden okap berdiler we ertekileriň gahrymanlarynyň asylly häsiýetleri hakynda sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalar hakynda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halk ertekileri esasynda ertekilerdäki söýgüli gahrymanlarymyz
ERTEKILERIŇ GAHRYMANLARY BILEN TANYŞ BOLALYŇ!
'Öwrülişikli özgeriş' salgymy bilen sahna çykan syýasy karýera
ERTEKILER DÜNÝÄSI-JADYLY DÜNÝÄ
ERTEKILERIŇ JADYLY DÜNÝÄSI
ERTEKILERIŇ TÄSIN DÜNÝÄSINDE