Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 187-nji çagalar bagynda Ertekilerdäki söýgüli gahrymanlarymyz ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.Gürrüňdeşlikde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli nesiller bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekilerinde dost-doganlygy, edermenligi, adalatlylygy, ugurtapyjylygy we jomartlygy wasp edilýän asylly sypatlary, ösüp gelýän ýaş nesillere ündediler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda körpe nesillerimiziň okap, bilimliylymly geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
