Erzurum Kongresiniň 105-nji Ýylynda Şol Ýörelgelere Laýyklykda Ýolumyza Dowam Edýäris

Erzurum Kongresiniň 105-nji Ýylynda Şol Ýörelgelere Laýyklykda Ýolumyza Dowam Edýäris

Erdogan ýüzlenmesinde; “Erzurum Kongresi eziz milletimiziň azatlyk ugrundaky batyrgaýlygy we gaýduwsyzlygy bilen umumy ideada birleşip, gelejegini kesgitlän öwrülşik nokatlaryndan biri boldy. Türk milleti Seljuk döwletinden Osman döwletine ondan hem Respublika çenli guran her bir döwletiniň alyp baran göreşinde agyr ýitgiler çekdi” diýdi.

Milli azat edijilik göreşindäki beýik düşünjäniň şu günki günde-de ylham çeşmesi bolmagynda galýandygyny, gelejege bolan garaýyşlarynda özlerine güýç berýändigini beýan eden Prezident Erdogan; “Jebisligimizden we agzybirligimizden egilşik etmän, ýurdumyzy hasam güýçlendirmek üçin şol bir gaýduwsyzlyk we ygrarlylyk bilen işlemäge dowam edýäris.

Türkiýe asyryny gurma maksadymyza laýyklykda Erzurum Kongresiniň 105-nji ýylynda döwletimiz we milletimiz bilen şol bir ýörelgelere laýyklykda ýolumyza dowam edýäris.Erzurum Kongresiniň 105-nji ýylynda Gahryman Mutafa Kemalyň başda durmagynda garaşsyzlyk göreşimiziň ähli gahrymanlaryny hormat blen hatyralaýaryn” diýdi.

Ýene degişli makalalar

105 Ýyl Ozal Siwasda Ýakylan Ot Türkiýäniň Ýoluna Şöhle Saçmaga Dowam Edýär
Rubio Hazarüsti geçiriji taslamasynyň ABŞ-nyň daşary syýasat bähbitlerine gabat gelýändigini aýdýar
Meksikada 1100 sany mariaçi bir wagtda aýdym aýdyp, rekord goýdular
Sýuzan Waýls Ak tamyň diwanyna ýolbaşçylyk eder
Mejlisiň Başlygy Numan Kurtulmuş Braziliýada Saparda Bolar
ABŞ-da Saýlaw Bäsleşiginde Tramp Öňde Barýar