Meksikada 1100 sany mariaçi bir wagtda aýdym aýdyp, rekord goýdular

Meksikada 1100 sany mariaçi bir wagtda aýdym aýdyp, rekord goýdular

Mehiko şäherinde geçen mariaçileriň birinji halkara Kongresinde meksikan halk sazynyň bu görnüşinde 1100 sazanda bir wagtda aýdym aýtmak bilen, rekord goýdy. Waka geçen ýekşenbede Meksikanyň paýtagtynyň Konstitusiýa meýdançasynda boldy diýip, rg.ru ýazýar.

Irden bir müňden gowrak gitaraçy, tüýdükçi, skripkaçy, arfaçy we beýleki sazandalar mariaçileriň esasy aýdymlaryny, şol sanda Cielito Lindo diýen meşhur aýdymy ýerine ýetirdiler. 1122 sany erkek we zenan sesleri bir wagtda sazlaşykly ýaňlanyp, Mehikonyň baş meýdançasyna doldy.

Mariaçileriň kongresi indi her ýyl geçirilip, Meksikanyň medeni durmuşynda möhüm waka öwrüler. 6-10-njy noýabrda olaryň konsert çykyşlary tutuş ýurtda guralyp, ýüz müňlerçe tomaşaçyny ýygnady.

Mariaçi ÝUNESKO halkara guramasy tarapyndan adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Mariaçiniň Halkara güni 21-nji ýanwardan bäri bellenip geçilýär. Bu saz görnüşi meksikan medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

2026-njy ýylda hökman baryp görmeli 25 ýer
79-njy möwsüme badalga berler
Meksikada polisiýa gullugynyň şefiniň janyna kast edildi
Ýurdumyzyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň web-saýty açyldy
Meksikanyň häkimiýeti prezident uçaryny kärendesine bermekçi
Mehiko ähli koronawirus çäklendirmelerini ýatyrýar