Hamilton çempion diýen ýaly

Formula 1 boýunça möwsümiň 18-nji ýaryşy Meksika “Gran Prisinde” britaniýaly Lýuwis Hamilton ýeňiş gazandy. 3-nji hatardan ýaryşa başlan Hamilton Meksikanyň paýtagty Mehikodaky Hermanos Rodrigesiň adyny göterýän trassada 71 aýlawy 1 sagat 36 minut 48,904 sekuntda tamamlap, şu möwsümdäki 10-njy ýeňşini gazandy.

Karýerasy boýunça 83-nji gezek münberiň iň ýokary basgançagyna çykan Hamilton nobatdaky çempionlygyna golaýlady.Ikinji hatardaky Bottas bilen utuk aratapawudyny 74-e çykaran Hamilton ertirki Amerika “Gran Prisinde” 4 utuk gazanan ýagdaýynda 6-njy çempionlygyny yglan eder. Ýagny oňa çempionlyk üçin 8-nji orun hem ýeterlik bolar.

Möwsümiň tamamlanmagyna 3 tapgyr galanda, Hamiltonyň 363, Bottasyň 289, Lekleriň 235 utugy bar.

Meksika “Gran Prisinde” 2-nji ýeri Sebastian Wettel eýeläp, ol Hamiltondan 1,7 sekunt yza galdy. Iňlis sürüjisinden 3,5 sekunt soň pellehana gelen topardaşy Waltteri Bottas 3-nji orna mynasyp boldy. Ilkinji hatardan bat alan “Ferrari” toparynyň monakoly piloty Şarl Lekler 4-nji ýeri eýeledi.

F1-de möwsümiň 19-njy ýaryşy ertir ABŞ-nyň Tehas ştatynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Öz rekordyny täzeledi
Çempionyň 50-nji ýeňşi
Azerbaýjanda garaşylmadyk ýeňiji
99-njy ýeňşi
Çempion çempionlygyny goramagy başardy
35 ýyllyk rekord täzelendi
10 ýaryşdan soň ýeňiji üýtgedi